Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk sebit we ählumumy derejede netijeli dialogy yzygiderli ösdürýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Däp bolan bu hyzmatdaşlyk Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli häsiýete eýedigini hem-de uzak geljege gönükdirilendigini ýene-de bir gezek anyk görkezýär. Şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisiniň jemleri, dürli ulgamlarda üstünlikli durmuşa geçirilen we dowam etdirilýän bilelikdäki taslamalar, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ugur edinýän ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy munuň aýdyň güwäsidir.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ady agzalan orta möhletli maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, netijeli gatnaşyklary ösdürmek, anyk işleri durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy we tassyklanyldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýandygyny bellemek möhümdir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2016 — 2020-nji hem-de 2020 — 2024-nji ýyllarda hem yzygiderli esasda bu komissiýanyň düzümine saýlanyldy.
Gender syýasaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, deňhukuklylyk, erkinlik ýörelgeleri, erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir.
Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistan ählumumy ynsanperwer gün tertibiniň ilerledilmegine uly goşant goşmak bilen, parahatçylygyň, abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, umuman, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti