Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji dekabrda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň rowaçlyklara beslenýän daşary syýasat strategiýasy netijesinde 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen bagly meseleler bilen gyzyklandy we halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.
Hormatly Arkadagymyz täze ýylda Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerine geldi. Tutuş adamzat üçin taryhy ähmiýeti bolan meseleleri öz içine alýan halkara çäreleriň geçiriljek toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň girelgesiniň döwrebaplygy bilen tanşyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyş derejesi, meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerleri bilen tanyşdy hem-de ýokary derejeli myhmanlaryň kabul ediljek ýerinde döredilýän şertleriň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi. Şunda täzeçil usullaryň we sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir.
Milli Liderimiz toplumda giň möçberli maslahatlaryň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde meýilleşdirilen halkara maslahatlaryň we forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Şunda binanyň içki bezeg işlerine, reňkleriň sazlaşygyna, onuň yşyklandyryş ulgamyna wajyp ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsyndan öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan işler, Hazaryň kenarynyň tebigy aýratynlyklary we öz çägini giňeldýän syýahatçylyk zolagynyň täze binalary, ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti