Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň 2025-nji ýylda gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabara geçirdi

Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde 25-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy Rejep Bazarow çärä gatnaşyjylary mübärekläp, dabaranyň möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen geçip barýan ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barlan işler Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowa söz berildi. Wise-premýer 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň taryhynda, onuň döwletlilik ýörelgeleriniň, syýasy, ykdysady, durmuş ösüşiniň pugtalanmagynda möhüm tapgyr bolandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli döwlet işleriniň netijesinde 2025-nji ýyl ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bilen dabaralandy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany Aksoltan Ataýewa öz çykyşynda BMG-niň çäklerinde döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň düzüminiň yzygiderli giňemegi, oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Eswatini Patyşalygynyň goşulyşmagy Bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýandygyna şaýatlyk edýändigini aýtdy.

ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna, hyzmatdaşlygyň uzak möhletli häsiýetini tassyklaýan 2026 – 2030-njy ýyllar üçin BMG bilen gol çekilen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ähmiýetini nygtady.

Soňra daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň