Türkmen oba hojalyk institutynda onlaýn görnüşde "Oba hojalygynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýanyň orny" atly 2-nji halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Foruma Türkmenistandan, Russiýadan, Belarussiýadan, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Günorta Aziýa döwletlerinden, jemi 14 ýurtdan 88 uniwersitetiň we gözleg merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahat agrobiotehniki täzeliklere, bioresurslara we durnuklylyga, şeýle hem agrosenagat toplumy üçin işgärleri taýýarlamak meselelerine bagyşlandy. Jemi 260 ylmy iş hödürlenip, olaryň iň gowusyna jemleýji mejlisde ýokary baha berildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi