Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli konsertler we baýramçylyk şüweleňleri geçiriler

Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeni ojaklarynda baýramçylyk çäreleriniň giň gerimli meýilnamasy taýýarlanyp, teatr sahna oýunlary, konsertler, degişmeli tomaşalar, sergiler we ýarmarkalar guralýar.

27-nji, 28-nji we 29-njy dekabrda sagat 18:00-da Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda konsertler bolar. Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary eýran-şwed aýdymçysy Araşyň, russiýaly aýdymçy we sazanda Motuň (Matweý Melnikow) hem-de türkiýeli pop-aýdymçy Semicenkiň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.

30-njy dekabrda sagat 18:00-da baýramçylyk hepdesi türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň konserti bilen jemlener.

28-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar.

29-njy dekabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Roždestwo hitleri» atly konsert geçiriler.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

27.12.2025: «Gelin gelýär» 19:00;

28.12.2025: «Gelin gelýär» 19:00;

29.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00;

30.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

27.12.2025: «Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary» 19:00;

28.12.2025: «Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary» 19:00;

30.12.2025: «Hoş geldiň, ülkäme ajap Täze ýyl!» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

28.12.2025: «Täze ýylyň jadyly sandygy» 19:00;

30.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

27.12.2025: «Дед Мороз и серый волк» («Aýazbaba we çal möjek») 12:00;

28.12.2025: «Дед Мороз и Снежная королева» («Aýazbaba we Gar şazenany») 11:00; 13:00;

30.12.2025: «В гостях» («Myhmançylykda») 19:00;

31.12.2025: «С Новым годом!» («Täze ýylyňyz bilen!») 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

29.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00;

30.12.2025: «Täze ýyl degişmeleri» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

27.12.2025: «Çagaly öý — bazar» 17:00;

28.12.2025: «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» 12:00; 16:00; 19:00;

29.12.2025: «Çagaly öý — bazar» 14:00; 16:00;

30.12.2025: «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» 12:00; 14:00.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň