Balkan welaýatynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan Täze ýyl dabaralary geçirilýär

Şu günlerde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan Täze ýyl dabaralary ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynyň çar künjeginde hem belentden tutulýar. Baý mazmuna, egsilmez ruhy joşguna, aýratyn ähmiýete beslenýän şeýle dabaralaryň biri hem welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Toýly ülkämiziň berekedidir bezegi bolan baýramçylyk desterhanynyň başynda guralan dabara welaýatyň etrap-şäherlerinden gelen myhmanlar, mährem eneler, talyp ýaşlar, ýerli ýaşaýjylar işjeň gatnaşdylar.

Belent buýsanja beslenen dabarada baýramçylyk gutlaglaryna uly orun berildi. Olaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan nusgalyk üstünlikler hakynda uly buýsanç bilen aýratyn durlup geçildi. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bütin dünýä ýaň salan taryhy wakalarynyň galdyran ýakymly täsirleri, Diýarymyzda şatlyk-şowhun bilen garşylanýan Täze ýyl baýramynyň şatlygy dogrusynda ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň, teatr ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dünýä dolan şan-şöhratynyň, täze – 2026-njy ýylyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň, dost-doganlygyň tarypy ýetirildi. Çagalar toparlarynyň gutlaglary bilen utgaşan aýdym-sazlary, welaýatyň birleşen döredijilik toparlarynyň edebi-sazly çykyşlary şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşlanyldy.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň