Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz özbek Lideriniň taryh üçin gysga döwrüň içinde uly işleri durmuşa geçirendigini we muňa anyk netijeleriň güwä geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň makroykdysady görkezijilerini mysal getirip, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard amerikan dollaryndan geçendigini, munuň ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisidigini nygtady. Şeýle-de Özbegistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sport, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmekde gazanan netijeleri kanagatlanma bilen nygtaldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistanyň hem okgunly ösýändigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has işjeň häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, geljek ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýurtlarymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça bilelikdäki işlere girişmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada durup geçdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegiň möhümdigini belläp, Merkezi Aziýa, Aral we Hazar sebitlerinde, Amyderýada suw meselelerini çözmäge gönükdirilen hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öňde boljak sammitleriň guramaçylyk, mazmun, hukuk we beýleki meseleleri boýunça bilelikdäki teklipleri işläp taýýarlamaga goldaw berjekdigine ynam bildirdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti