Türkmenistan ulag hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrýar

2026-njy ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara sergiler geçiriler. Degişli sanawy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan çap edildi. Täze ýylda geçiriljek halkara sergileriň hatarynda - «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy, «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi we beýlekiler.

Türkmenistanda soňky ýyllarda ulag-logistika ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze howa menzilleriniň, demir ýollaryň we ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň gurluşygy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösüşine güýçli itergi berýär. Şeýle hem demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurulmagy sebit we halkara ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly mümkinçilik döredýär.

Döwrebap gämileriň, wagonlaryň we uçarlaryň utgaşykly işledilmegi netijesinde, ulag hyzmatlarynyň görnüşleri artýar, olaryň ygtybarlylygy we netijeliligi ýokarlanýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen «Türkmenlogistika assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti bu ugurda möhüm orny eýeleýär. Ol milli we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň global ulag ulgamlaryna goşulyşmagyna giň ýol açýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmaga we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegine, halkara ulgama işjeň goşulyşmaga hem-de möhüm ykdysady meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir. Ählumumylaşma şertlerinde ulag-logistika ulgamynyň ösüşi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.


Yza

Şeýle hem okaň