Türkmenistan we Russiýa 2026-njy ýylda netijeli gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýärler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda 30-njy dekabrda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda Russiýanyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän ünsüne, döwletimiziň bitarap daşary syýasy ugruna, ählumumy durnuklylygy berkitmäge, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmekdäki tagallalaryna berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen tarapy bu sammiti iri halkara forumlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenko türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşandy we tagallalary netijesinde Türkmenistanda uly abraýdan peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna hut öz adyndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz geljek ýylda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleriň geçiriljekdigine we olaryň netijeleriniň türkmen-rus gatnaşyklaryny täze derejelere çykarjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hoşniýetli sözler we iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň