«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze ýylyň garşylanylýan pursatlary ýurdumyz üçin ýatda galyjy wakalara baý boldy. Täze ýylyň başlanýan çaglarynda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde nurana arzuwlara beslenip gelen ýylyň ilkinji perzendi dünýä indi.
Degişli lukmançylyk maglumatlaryna laýyklykda, Gaýypowlaryň maşgalasyna goşulan bäbejigiň saglyk ýagdaýy, özüni duýşy kanagatlanarly. Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda doglan oglan bäbejigiň agramy 3 kilogram 100 gram we boýy 48 santimetr ölçeglerde bellige alyndy.
Atamyrat diýlip at goýlan bäbejigiň ata-eneleri häzirki döwürde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli täze dünýä inen bäbejige dakylan adyň «At-myrat» diýen paýhasly jümle bilen utgaşýandygyny bellemek ýakymly.
Bäbejigiň dünýä inmegi mynasybetli bagtyýar maşgala hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan toý sowgatlary gowşuryldy. Olara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan hem sowgatlar gowşuryldy.
Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda ýurtda ilkinji bolup çaga dünýä inen maşgala agzalary sowgatlar we hoşniýetli arzuwlar üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine rowaçlyk arzuw etdiler.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti