Daşary ýurtlaryň Prezidentleri 2026-njy ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdiler. Döwlet Baştutanlary türkmen kärdeşine saglyk, bagt we hökümet işinde üstünlik, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna abadançylyk arzuw etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, BAE-niň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleri, şeýle hem birnäçe halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Premýer-ministrleri iberdiler.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti