Hünärmen Türkmenistanyň täze polimer banknotlarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1-nji dekabrdan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlar, şeýle hem 200 manatlyk täze polimer banknot dolanyşyga girizildi.

Polimer banknotlaryň esasy aýratynlyklary hökmünde şu aşakdakylary görkezmek bolar:

Daşarky täsirlere çydamlylygy. Örän ýylmanak we ýuka plastik material bolan polimer suwa, çyglylyga, ýyrtylmaga, hapalanmaga we köp ulanmaga çydamly hasaplanýar. Şeýle-de hapalary özüne siňdirmeýändigi sebäpli, banknotyň durkuna zeper ýetirmezden, ony aňsatlyk bilen arassalap bolýar.

Uzak möhletliligi. Polimer banknotlar, kagyz banknotlar bilen deňeşdirilende, has berk bolup, azyndan iki ýarym esse uzak wagt hyzmat edýär.

Goragynyň güýçlendirilendigi. Polimer banknotlarda aňyrsy görünýän penjireler, mikroýazgylar we reňkini üýtgedýän ýörite berkitmeler ýaly çylşyrymly howpsuzlyk aýratynlyklary has aňsatlyk bilen ýerleşdirip bolýar. Bu bolsa olaryň goraglylygyny ep-esli ýokarlandyrýar.

Çykdajylaryň netijeliligi. Polimer banknotlary öndürmek üçin ilkibaşda kagyz banknotlara görä 15 — 20 göterim töweregi köp harajat sarp edilýänem bolsa, uzak wagta hyzmat edýändigi sebäpli, ahyrky netijede ony emissiýa edýän döwletler üçin has amatly we netijeli hasaplanýar.

Ekologik taýdan arassalygy. Polimer banknotlar öndürmek üçin az energiýa talap edýändigi we uzak wagtlap hyzmat edýändigi sebäpli, onuň umumy önümçilik çykdajylary az bolýar. Netijede, bu ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem oňyn täsirini ýetirýär.

Ulanylyşynyň aňsatlygy. Görüş ýagdaýy pes bolanlara ýa-da görmeýänlere banknotyň hümmetini bilmek üçin niýetlenen taktil elementleri goşup bolýar.

Häzirki wagtda dünýäniň 50-ä golaý ýurdunda tutuşlaýyn we bölekleýin polimer banknotlar dolanyşykda hereket edýär.

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti


Yza

Şeýle hem okaň