Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky sany okyjylara ýetirildi.
Ilkinji sahypalarda «Täze eser – ýaşlar üçin belent serpaý» atly uly makala ýerleşdirilip, onda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär.
Žurnalyň möhüm ugurlarynyň biri zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanýar. «Gender deňliginiň bähbidine halkara dialog» atly giňişleýin makalada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat barada gürrüň berilýär.
«Bedew batly, at-myratly şanly ýyl» atly makala türkmen ýaşlarynyň täze ýylyň şygaryna bolan buýsanjyny beýan edýär. Neşirde türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary baradaky pikirler «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary» atly makalada dowam etdirilýär. «Şanly ýylda parlan ýyldyz» atly makalada «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň 2025-nji ýyldaky ýeňijisi barada maglumat berilýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti