Ahal welaýatynyň oba ýerleriniň düýpli özgerdilmegi döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň açylmagy bilen dabaralandy. 2025-nji ýylda welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Döwletli mekan we Kaka etrabynyň Bagtly zamana atly täze obalarynyň her birinde 400 maşgala jaý toýuny tutdy.
Bu taslamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň sebitlerde ýaşaýyş üçin iň oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady ösüş we oba şertlerini 2028-nji ýyla çenli özgertmek baradaky maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Täze ilatly nokatlar toplumlaýyn gurluşygyň nusgasy bolup, bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlary doly inženerçilik we kommunikasiýa üpjünçiligi bilen üpjün edilendir. Her bir obanyň düzümi ýaşaýjylaryň isleglerini göz öňünde tutup taslanypdyr: bu ýerde 640 orunlyk orta mekdepler, 320 orunlyk çagalar baglary, döwrebap Saglyk öýleri we söwda merkezleri gurlupdyr.
Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi