Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty – hemayat.gov.tm işe girizildi.
Platforma gaznanyň işini Türkmenistanyň raýatlary hem-de halkara hyzmatdaşlary üçin mümkin boldugyça açyk we elýeterli etmek maksady bilen döredildi. Saýtda gaznanyň maksady we iş ugurlary barada maglumatlar, täzelikler, foto we wideo materiallar, peýdaly maslahatlar hem-de aragatnaşyk maglumatlary ýerleşdirildi.
Gazna 2021-nji ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Onuň esasy wezipeleri ene-atalaryň howandarlygyndan jyda düşen çagalara giň möçberde goldaw bermekden, çylşyrymly lukmançylyk operasiýalaryny we bejergini maliýeleşdirmekden, saglygy dikeldiş we sagaldyş çärelerini geçirmekden, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam bermekden, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Dört ýyldan gowrak wagtyň dowamynda gazna ýüzlerçe çagalara kömek berdi, 700-den gowrak hirurgiki operasiýany we saglygy dikeldiş maksatnamalaryny maliýeleşdirdi. Türkmenistanda we daşary ýurtlarda onlarça haýyr-sahawat taslamalary durmuşa geçirildi. Gazna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz şahamçasyny açdy, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegi dowam etdirýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi