Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi häzirki zaman sanly çözgütleri durmuşa geçirmegi dowam etdirýär. Iş üpjünçilik portaly iş berijiler bilen iş gözleýänleriň arasynda özara gatnaşyk üçin esasy gurala öwrüldi.
Onlaýn çeşme raýatlara boş iş orunlaryny gözlemek we öz hünäri boýunça hakyky wagtda iş tapmak üçin giň mümkinçilikler döredýär.
Sahypa döwlet edaralaryna we hususy kärhanalara iş ýerleri barada raýatlara tiz habar bermäge mümkinçilik berýär. Iş gözleýänler bilim, iş tejribesi we isleýän käri barada özbaşdak maglumat girizip bilerler.
Iş berijileriň derňewi boýunça Türkmenistanyň zähmet bazarynda 2026-njy ýylyň başynda statistika, lukmançylyk, bilim hünärmenlerine, sürüjilere we umumy işçilere isleg bildirýändigini görkezýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti