Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 8-nji ýanwarda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler ýüzýyllyklardan soň hem bütin dünýäde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly gyzyklanma bildirilýändigini we meşhurlyk gazanmagyny dowam etdirýändigini bellediler. Türkmeniň akyldar şahyrynyň watançylygy, parahatçylygy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny, özara ynanyşmagy we hormat goýmagy wasp edýän eserleriniň dürli dillerde neşir edilmegi olaryň häzirki wagtda has uly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde medeni-ynsanperwer ulgam netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk esas döredýär. Şu nukdaýnazardan, bu ugurda halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, şeýle hem rumyn halkyna beýik şahyryň döredijiligi bilen has çuňňur tanyşmak üçin giň mümkinçilik döretmekde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Dabara gatnaşyjylar bu wakanyň Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler, şeýle-de medeni mirasy, gadymy gymmatlyklary we milli sungaty wagyz etmekdäki ägirt uly ornuny belläp geçdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň