Aşgabatda 12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitleýin we halkara meseleleriň birnäçesine seredilip geçildi, şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geçirmegiň nobatdaky ädimleri kesgitlendi.
Diplomatlar şeýle hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleleriň üstünde durup geçdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi