Aşgabatda 14-nji ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenildi.
Pikir alyşmalaryň netijesinde saýlaw möwsüminiň 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlanýandygy yglan edildi, şeýle hem okruglaryň we uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek bilen bagly meselelere garalyp, hereket edýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi seljerildi. Şunuň bilen bir hatarda, saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar tassyklanyldy.
Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi. Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmeginiň üpjün edilmegini, ilat arasynda degişli düşündiriş işleriniň alnyp barylmagyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlediler.
Saýlaw möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti