Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy Laçyn Nurmuhammedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi bilen duşuşdy. Taraplar medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Myhmanlar pars dilindäki baý kitap toplumy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dünýä dillerine terjime edilen eserleri bilen tanyşdylar. Aýratyn taryhy gymmaty bolan seýrek duş gelýän gadymy golýazmalara we ilkinji çap edilen nusgalara uly üns berildi.
Ilçi Ali Mojtaba Ruzbehani hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bozulmaz nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars dilindäki terjimesini kitaphana sowgat berdi. Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi bolsa Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň adyndan daşary ýurt edebiýaty gaznasynyň üstüni ýetirjek pars dilindäki 40-dan gowrak neşiri gowşurdy.
12-nji ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky medeni hem-de ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek babatynda pikir alşyldy. Şeýle-de ýokary okuw jaýynyň pars dili hünärinde okaýan talyplaryň we mugallymlaryň bilim derejelerini has-da ýokarlandyrmak babatynda hünär kämilleşdiriş sapaklarynyň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti