Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak, onuň tutuş çägini abadanlaşdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda güýçli depginde dowam edýär. Hususan-da, Ahalteke atçylyk toplumyna barýan ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek işleri, yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. “Ýol gurluşygynda ösen tejribeleriň ulanylmagyna, ýoluň gönüligine, tekizligine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde ýoluň yşyklandyryş ulgamynyň döredilmeginde döwrebap usullar ulanylmalydyr. Ýol ýakalarynda ekilýän baglar bu künjegiň ekologik derejesiniň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirmelidir” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem toplumyň binalarynyň içinde ýerleşdiriljek bedewleriň heýkelleriniň görnüşleri, otaglaryň bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän surat eserleri görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň, otaglaryň içiniň bezeg işleri ýerine ýetirilende, reňkleriň sazlaşygyna uly üns berilmelidigini aýtdy hem-de görkezilen heýkelleri we surat eserlerini synlap, olaryň arasyndan bezeg serişdeleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýänlerini saýlap almagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäklerini abadanlaşdyrmak işleri ynanylan «GAP Inşaat» kompaniýanyň wekili hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we toplumyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän at heýkelleriniň görnüşleri barada maglumat berdi.
Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde şanly senäniň meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we ony hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürläp, döwlet Baştutanymyzyň meýilnamany tassyklan halatynda, toý-dabaralary şu ýylyň şygaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.
Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti