Türkmenistanda ýükleri daşamagy amala aşyrýanlaryň işini düzgünleşdirýän täze kadalaşdyryjy resminama bellige alyndy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwarynda ýükleri, ýolagçylary we goşlary awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrýanlaryň işini düzgünleşdirýän täze kadalaşdyryjy resminamany döwlet tarapyndan bellige aldy.

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri Begenç Annadurdyýew ýükleri, ýolagçylary we goşlary awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrýan ulaglaryň ýeke-täk sanawyny ýöretmegiň tertibini tassyklamak baradaky buýruga gol çekdi. Bu resminama 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Täze tertibe laýyklykda, täjirçilik maksatly ýük daşamalar üçin ulanylýan ähli ulag serişdeleri ýeke-täk döwlet sanawynda bellige alynmalydyr. Sanaw Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan elektron we kagyz görnüşlerinde ýörediler.

Sanawda bellige alynýan ulag serişdeleri dört topara bölünýär:

  • ýolagçy awtoulag serişdeleri – awtobuslar, mikroawtobuslar, ýeňil awtomobiller (şol sanda ýeňil taksiler), ýolagçy awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegler;
  • ýük awtoulag serişdeleri – ýük awtomobilleri, tirkeg çekiji awtomobiller, ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegler;
  • ýörite awtoulag serişdeleri – esasan, ulaga degişli bolmadyk dürli ýörite işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen awtomobiller, tirkegler we ýarym tirkegler;
  • аwtoulag serişdeleriniň başga görnüşleri.

Ulag serişdesini sanawda bellige almak üçin daşaýjylar Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine ýazmaça arza we degişli resminamalaryň toplumyny tabşyrmalydyrlar. Ministrlik resminamalary 20 senenama gününiň dowamynda gözden geçirýär.

Bellige alyş üstünlikli tamamlanandan soň, ulag serişdesiniň eýesine ýeke-täk sanawda bellige alnandygy baradaky Şahadatnama berilýär. Resminama ministrligiň ýolbaşçysynyň goly we möhüri bilen tassyklanylýar hem-de suw belgili, ultrafiolet, tangir goragy we tapgyry hem-de gorag bellik sanlary bolan resminama hasaplanýar.


Yza

Şeýle hem okaň