Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda 19-njy ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar BMG, ÝB we ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Şunuň bilen baglylykda diplomatlar şu ýyl iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi