Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg etmek, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Şeýle hem häkimler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak üçin pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz hyzmat ediji edara-kärhanalaryň welaýatlaryň pagta we bugdaý öndürijileri bilen, Lebap welaýatynda şaly öndürijiler, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti