Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumdaky çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz sebit, yklym we ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde seredilýän forumyň halkara ähmiýetini nygtady.
Žurnalyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak forumynda eden çykyşy hem ýerleşdirilipdir. Onda Türkmenistan üçin Bitaraplyk derejesiniň diňe bir daşary syýasatyň nusgasy bolman, biziň dünýägaraýşymyzyň, döwlet hem halk hökmünde öz ornumyza, jogapkärçiligimize düşünmegiň, häzirki zaman siwilizasiýasynyň ösüşine özboluşly goşandymyzyň binýadydygy nygtalýar.
Neşiriň ýörite sahypasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň milli we halkara hukuk esaslaryna bagyşlanypdyr. Onda degişli Konstitusion kanunlar, BMG-niň dürli ýyllarda kabul eden Kararnamalary barada maglumatlar berilýär.
Okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýän “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny — saýlaw hukugynyň döwrebaplygy” atly makalada nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar döwlet sanawyny dolandyryjy bolup durýar
Neşiriň sahypalarynda 2026-njy ýylda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň yglan edilýändigi baradaky maglumat köpçülige ýetirilýär.
Däp bolşy ýaly, neşir «Senenama» bölümi bilen jemlenýär. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilen wakalara, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere bagyşlanan syn okyjylara hödürlenilýär.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti