“Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Zenan - Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşige gatnaşmaga döredijilik bilen meşgullanýan zenanlar çagyrylýar. Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) köp çagaly, ýurduň ösüşine goşant goşýan, milli sungaty, senetçiligi dowam etdirýän we ýaşlara öwredýän zenanlaryň waspy ýetirilip, ýaş nesillere döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlar beýan edilmelidir.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan_gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Bäsleşige hödürlenilýän işler şu ýylyň 1-nji martyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-94
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti