Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda 20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen diplomaty ŞHG-niň işiniň köptaraplaýyn häsiýetini hem-de Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi. Şeýle hem ýurdumyz tarapyndan 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasynda söwda-ykdysady, ulag-logistika hem-de ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada pikir alyşdylar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti