“Aşgabat” kinoteatrynda 20-nji ýanwarda Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Hindistanyň Maglumat we teleradioýaýlym ministrligi tarapyndan guralan Hindi film festiwaly başlandy.
Festiwalyň maksatnamasy režissýor S. Rajamauliniň “RRR” atly hyjuwly filmi bilen açyldy. Telugu dilinde surata düşürilen bu epiki film tomaşaçylary 20-nji asyryň başlaryna getirýär. Bu sýužetde kolonial döwürde öz halkynyň bähbitlerini goramak üçin syýahata başlan iki gahrymanyň wepalylygy we berk dostlugy hakda gürrüň berilýär.
Bu çäre ynsanperwer gepleşikleri güýçlendirmekde we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde möhüm wakadyr.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti