Türkmenistanda «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň halkara güni, Türkmen alabaýynyň baýramy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl mynasybetli Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Žurnalda Seljuklar döwründen häzirki wagta çenli milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine bagyşlanan “Türkmenistanda gadymyýetden gelýän lukmançylyk ýoly” atly makala okyjylaryň ünsüni çekip biler.

“Paryzdepäniň Änew medeniýetine degişli gatlaklary” atly makalada gadymy ilatly ýerde dürli ýyllarda geçirilen arheologik barlaglar barada söz açylýar. Gadymy hatlary gorap saklamak işinde innowasion çözgütleri utgaşdyrmagyň ugurlaryny şöhlelendirýän “Gadymy golýazmalar we häzirki zaman çözgütleri” atly makala degişli hünärmenleriň hem-de okyjylaryň ünsüni özüne çeker.

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dördünji çärýeginde bolup geçen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýän möhüm wakalar öz beýanyny tapýar.

“Miras” žurnalynyň sahypalarynda ýerleşdirilen köp sanly fotosuratlar makalalara goşmaça öwüşgin berýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi ony dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin hem elýeterli edýär.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň