Aşgabatda SPECA hepdeligi öz işine başlady

Aşgabatda 21-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum öz işine başlady.

Açylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forumyň Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, sebit arabaglanyşygynyň, hususan-da, energetika, ulag, söwda ýaly esasy ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy häzirki ählumumy geosyýasy we geoykdysady şertlerde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

ra alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda sanly geçiş we innowasion ösüş meselelerine aýratyn orun berildi.

Mejlise gatnaşyjylar gümrük, söwda amallaryna BMG-niň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Maglumat alyşmalarynyň sanlylaşdyrylmagy ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýar. Ekologik durnuklylyk, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak meselelerine hem üns berildi.

Plenar mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de netijeli dialoga döredilen şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Aşgabatda kabul ediljek çözgütleriň SPECA formatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ýolgörkeziji boljakdygyna ynam bildirdiler.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň