Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 21-nji ýanwarda Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden ynanç hatyny kabul etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat Bitarap Türkmenistanda Çad Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi