Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltmak teklip edilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Onuň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary işler ministrligi bu «Ýol kartasynyň» 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaldylmagyny hem-de onda göz öňünde tutulan çärelere ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny teklip edýär.

“Ýol kartasynyň” çäreleri birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Hususan-da, onuň çäklerinde mejbury zähmetiň, şol sanda çagalar zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça syýasaty we amaly çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşary işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleridir bilermenleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň