Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hindistanly kärdeşine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Çeşme:"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti