Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak babatda başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyp, gazna bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi giň halkara ykrarnama mynasypdyr.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada-da durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, çagalaryň durmuşa goşulyşmagy ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar ynsanperwer meseleleriň giň toplumy boýunça ýakyn dialogy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa hem-de Jalpa Ratna tagallalaryň birleşdirilmeginiň çagalaryň röwşen geljegini üpjün etmek işinde täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti