“Galkynyş” topary sirk sungatyna uly goşandy üçin Monte-Karlo şäherinde täze halkara şahadatnamalary aldy

Şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyza wekilçilik edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Gurbangulyýew hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.

Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa ajaýyp öwüşgin çaýýar. Bu hoş habary 2026-njy ýylyň üstünliklere beslenjekdiginiň buşlukçysy hökmünde kabul edip bolar.

Mälim bolşy ýaly, halkara festiwal 1974-nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, dünýä ýurtlaryndan zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksadydyr. Bu giň gerimli çäre sirk sungatyny ösdürmäge, dürli ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Festiwal Monte-Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilip, artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda çykyş edýärler.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň