Türkmenistanyň Prezidenti fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibini makullady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Hökümet mejlisinde şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, brifingleriň, sergileriň, wagyz-nesihat çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzda we welaýatlardaky medeniýet ojaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan birnäçe çäreleriň we dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Döwlet simfoniki orkestriniň türkmen kinofilmleriniň sazlaryndan düzülen konsertiniň we başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi hem-de wise-premýere fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň