Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini şu gün bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
“Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýram parasatly halkymyzyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny alamatlandyrýar.
2026-njy ýyl Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen dabaralanýar. Bu taryhy sene merdana pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky asyrlarboýy kalbynda beslän arzuwlarynyň wysaly hökmünde şöhratlanýar. Biz bütin halkymyz bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde, belent ruhda baýram ederis. Döwletimiziň baş baýramynyň many-mazmunyny, gadyr-gymmatyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçireris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanylyp, halkara derejeli iri forumlar hem-de dabaralar geçirildi. Bu çärelerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk we ynanyşmak ýörelgeleri has-da dabaralandy. Siz bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsançly gadamlar bilen geçip, ömür ýoly şöhrata beslenen beýik şahsyýetlerimiziň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etmelisiňiz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, munuň üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gulluklarynda hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti