Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
“Geçen ýylyň şanly wakalary hem bedewlerimiziň ýelden ýüwrük bady, dünýä dolan at-owazasy bilen başlanypdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklarynyň başyny başlan waka bolupdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary öz ussatlyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Olar at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, milli oýunlary bilen halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanýarlar” diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belleýär.
“Bedew bady bilen gülläp ösýän berkarar Watanymyza gelip gowşan hoş habar — «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli Sizi hem-de mähriban halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleriň täze belentliklerine çykmagyny arzuw edýärin” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öz gutlag hatynda aýdýar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti