Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Rysgally zähmet» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan iki gatly edara binasynda prokuratura işgärleriniň netijeli işlemekleri üçin ählitaraplaýyn amatly şertleriň döredilendigini bellemek gerek. Şeýle-de dabaraly ýagdaýda açylan edara binasy kenarýaka Esenguly etrabynyň binagärlik keşbine-de täzeçe, özboluşly öwüşgin çaýýar.
Dabaranyň dowamynda täze, döwrebap binanyň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken öňdebaryjy gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Hormatly ýaşulular ak pata bereninden soň, dabara gatnaşyjylar edara binasynyň içine aýlanyp gördüler hem-de döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Edara binasynyň iş otaglary döwrebap zerurlyklar, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, kompýuterler, mebeller bilen üpjün edilipdir. Ýyladyş, sowadyş enjamlary, elektrik üpjünçiligi hem bar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti