Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde gurulýan dürli maksatly binalar bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz ir bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň hiline, gurluşyna birnäçe belliklerini aýtdy we ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi. Ýol-ulag düzümine degişli desgalar merkezi şaýollaryň ugrunda bina edilende, olaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi häzirki döwürde bu ýerde öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak, olary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň