Paýtagtymyz Aşgabat uly futbol wakasynyň bosagasynda dur: 11-nji fewralda «Arkadag» futbol topary meşhur Kriştianu Ronaldonyň baştutanlygyndaky Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bilen meýdançada duşuşar.
Geljekki sport çäresine taýýarlygyň çäklerinde Türkmenbaşy dokma toplumynyň bölümlerinde «Nusay» haryt nyşany astynda türkmen pagtasyndan taýýarlanylan ýörite sport köýnekleri öndürilýär. Öň tarapynda toparyň ady, arka tarapynda bolsa ýylyň şygary – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýazgy bolan taýýar önümlere seredeniňde, janköýerleriň goldawyny we ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatyny duýýan milli ýygyndymyzyň ýeňşine bolan ynamyň has-da artýar.
«Nusay» haryt nyşanly toplumy diňe bir sport çäresi üçin niýetlenen önümler bilen çäklenmeýär. Kärhana eýýäm halkara derejesine çykyp, FIFA we UFC nyşanly önümleri hem öndürýär. Bu ýerde sport köýneklerinden başga-da, türgenleriň we işjeň durmuş ýörelgesini tutýanlaryň ýokary bahasyna mynasyp bolan sport geýimleri öndürilýär.
Ýörite täze önümleri we sport geýimlerini «Nusay» dükanlaryndan hem-de «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinden satyn alyp bolýar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti