Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda welaýatyň gümrük gullugynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Dört gatly bina 24 öýden ybarat. Onuň daş-töweregi çagalar üçin oýun meýdançalaryny hem öz içine alýar. Otaglary häzirki zaman gurluşyk talaplaryna laýyk gelýär.
Dabarada taslama gatnaşan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy