Türkmenistanyň DIM-nde 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlara we duşuşyklara kesgitleýji ornuň degişlidigi nygtaldy.
Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda halkara giňişlikde alyp barýan işine ýokary baha berdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi