Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 30-njy ýanwardaky Hökümet mejlisinde Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň martynda geçiriljek festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Daşoguz welaýatynda geçiriljek festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti