Türkmenistan 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görüp başlaýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 30-njy ýanwardaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Halkara hukugyň ýylyny yglan etmek maksady bilen, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara hukuga bagyşlanan dürli sebitleýin we halkara çäreleri, hususan-da, ylmy-amaly maslahatlary, sebitleýin forumlary, brifingleri, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin ýerli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde degişli okuw we usulyýet gollanmalaryny işläp düzmek, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň öňe sürlendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň