Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 30-njy ýanwardaky Hökümet mejlisinde bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agzalan banklaryň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti