Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Halkara zenanlar güni mynasybetli bilelikde yglan eden «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagt köşgünde» geçirilen bu bäsleşige welaýatyň ähli künjeginden deslapky tapgyrda ýeňiji bolan çeper elli zenanlaryň onlarçasy gatnaşdy.
Geçen bäsleşigiň 1-nji şerti boýunça oňa gatnaşyjylar sungat görnüşinde ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertine görä, tikinçi zenanlar otuz minudyň dowamynda 6 – 7 ýaşly gyzjagaz üçin köýnegi biçmek we tikmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň 3-nji şerti boýunça oňa gatnaşyjylar amaly-haşam sungatynyň gadymy nusgalaryndan ugur alyp, bagtyýar zamanamyza laýyk özleriniň tiken we nagyşlan döwrebap eşiklerini geýip, milli lybaslary görkezdiler.
Bäsleşigiň jemi boýunça Garabekewül etrabyndaky çagalar we ýetginjekler öýüniň gurnak ýolbaşçysy Şirin Salyhowa 1-nji, Farap etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Hojakulyýewa we Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulsoltan Ýaraşowa, degişlilikde, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijiler bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan sowgatlar bilen sylaglandy hem-de olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandylar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti