Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde 2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Halkara hususy telekeçilik merkezi (CIPE) tarapyndan Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti bilen bilelikde, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň goldaw bermeginde guralan B5+1 görnüşindäki ikinji forum geçirilýär.
Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow ýolbaşçylyk edýär. Ol öz çykyşynda ýurduň ileri tutulýan ugurlaryny açyk görkezdi. Onuň sözlerine görä, nebitgaz pudagy, oba hojalygy we gurluşyk daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde öňdebaryjy bolup galýar.
"Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen üstünlikli gatnaşyklary üpjün etmek üçin uly özgertmeleri amala aşyrýar" diýlip, türkmen tarapynyň çykyşynda aýdyldy we ýurduň sebitleýin üpjünçilik zynjyrlaryna goşulmaga taýýardygy tassyklandy.
Çeşme: Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň resmi sahypasy