Daşary işler ministrliginde 5-nji fewralda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifingde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we göni wideoaragatnaşyk arkaly FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Wiorel Gusu çykyş etdiler.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, gazanylan esasy netijeler, şeýle hem mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi.
Brifingiň dowamynda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça Çarçuwaly maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigi barada habar berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, azyk üpjünçiliginiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, tebigata aýawly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daýhan hojalyklaryny goldamak babatda birnäçe taslamalar amala aşyryldy.
Häzirki wagtda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak babatda işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi