Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew 4-nji fewralda Rumyniýada sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça iň iri gurama bolan InfoCons-yň ýolbaşçysy Sorin Miýerlea bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň esasy temasy hökmünde import edilýän harytlaryň belliklenmegi (markirowkasy) we intellektual eýeçilik hukuklarynyň goralmagy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
InfoCons guramasy iki ýurduň raýatlary üçin bitewi maglumat giňişligini döretmegi ilçihana teklip etdi. Bu Rumyniýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary üçin sarp ediji hökmünde öz hukuklarynyň hukuk taýdan goragyna elýeterliligi aňladýar. Rumyn işewürleri we syýahatçylary üçin bolsa Türkmenistandaky düzgünleriň aýdyň we düşnükli bolmagyny üpjün eder.
Çeşme: Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisihanasy